eşidilmek

eşidilmek
işlik
1) Gulagyň bilen eşitmek, gulaga ilmek.
∙ Soňky günlerde ýerleriniň içinde traktorlaryň hem sesleri tarlap eşidilmeýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
∙ Şol wagt koridoruň aňyrsynda galmagal eşidildi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Şol wagtda bolsa Jonnuk batyryň gulagyna tanyş bir ses eşidilipdir. (B. Kerbabaýew, Jonnuk Batyr)
∙ Iliň matasyny dokardy, tä il ýatýança onuň daragynyň sesi eşidilerdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
2) Mälim bolmak, aýan bolmak, bilinmek.
∙ Onuň geljekdigi eşidildi.
3) Bir meselä seredilmek, garalmak, diňlemek.
∙ Onuň hasabat doklady ertir eşidiljek.
4) Diňlenmek, gulak asylmak, gulak salynmak.
∙ Ol wagtlar radio eşidilýärdi.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно решить контрольную?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»